744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türk­men top­ra­gy - tebi­gy baý­lyk­la­ryň hazynasy
10.02.2026

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda nurana geljege gönükdirilen asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Bedew batly ösüşleriň gazanylmagy türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryň egsilmez hazynasydygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Nebitiň we gazyň baý gorlaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan giň möçberli işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyz sebitiň energetika merkezine öwrülip, dünýäniň onlarça döwletleri we kompaniýalary bilen ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Olaryň hatarynda Hytaýyň «CNPC», Italiýanyň «Eni», ABŞ-nyň «Baker Hughes», Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation», BAE-niň «ADNOC», «Dragon Oil», Malaýziýanyň «PETRONAS» ýaly iri kompaniýalaryny görkezmek bolar.

Nebitgaz senagatynyň ösüşinde sanlylaşdyrmagyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň uly ähmiýete eýedigini göz öňünde tutup, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde tejribe alyşmaklyga, okuw sapaklaryny guramaklyga, ylmy-amaly maslahatlary geçirmeklige aýratyn orun berilýär. Şertnamalaryň netijesinde kuwwatly tehnologiýalar dolandyryş we önümçilik desgalarynda yzygiderli ornaşdyrylýar. Şeýle-de maýa goýum üçin amatly we özüne çekiji şertler döredilýär. Netijede, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Iri maýadarlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti