744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emeli aň we sanly innowasiýalar bilen Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejede
25.06.2026

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli strategiýasy esasynda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, aýratyn hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň binýady bolan ýangyç-energetika toplumyna döwrebap sanly çözgütler we emeli aň tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu özgertmeler diňe bir önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara bazarlarda türkmen energetika önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny hem täze derejä çykarýar.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde uglewodorod serişdelerini gözlemekden başlap, taýýar önümi ibermeklige çenli ähli tapgyrlar sanly ulgama geçirilýär. Sanlylaşdyrmak işiniň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu resminamalar sanly ekoulgamyň howpsuz we netijeli işlemegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Sanly ösüşiň esasy maksady — pudaklaryň durnuklylygyny üpjün etmek we innowasion ösüş üçin amatly gurşawy döretmekdir.

Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň tehnologik flagmanydyr. Bu ýerde amala aşyrylýan döwrebaplaşdyrma işleri önümçiligi doly awtomatlaşdyrmaga we sanly dolandyryşa geçmäge mümkinçilik berdi.

SCADA we ERP ulgamlary: Zawodda çylşyrymly himiki prosesler hakyky wagt tertibinde SCADA ulgamy arkaly gözegçilikde saklanylýar. Şeýle hem, kärhananyň serişdelerini meýilleşdirýän ERP ulgamynyň ornaşdyrylmagy logistikany we maliýe dolanyşygyny optimal derejä getirdi.

MSCC tehnologiýasy: Katalitik kreking desgalarynyň sanly dolandyrylmagy arkaly nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugy 90 göterimden geçdi. Bu bolsa dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary oktanly benzinleriň we ekologik taýdan arassa suwuklandyrylan gazlaryň öndürilmegini üpjün edýär.

Sanly terminallar: Önümleri tankerlere we demir ýol çeleklerine ýüklemek amallary awtomatlaşdyrylan ulgamlar arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa wagty tygşytlamaga we takyklygy ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Gündogar sebitimiziň senagat ägirdi bolan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) hem sanly özgertmeleriň gerimine işjeň goşuldy. Zawodda önümçilik liniýalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň netijeliligini artdyrdy. Sanly monitorig ulgamlary enjamlaryň ýagdaýyny yzygiderli seljerip, önümçilikdäki bökdençlikleriň öňüni almaga we howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Nebitgaz pudagynda «Akylly känler» we «Akylly guýular» konsepsiýalarynyň durmuşa geçirilmeginde emeli aňyň orny örän uludyr. Emeli aň ulgamlary köp mukdardaky geologik we tehnologik maglumatlary sekuntlaryň içinde seljerip, guýularyň netijeliligini artdyrmak boýunça iň amatly çözgütleri hödürleýär. Bu bolsa uglewodorodlary çykarmagyň özi düşýän gymmatyny azaltmaga we tebigy baýlyklary tygşytly ulanmaga ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen zähmet bazarynda täze hünärlere bolan isleg artýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, nebitgaz pudagy üçin IT-hünärmenleri, kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri we emeli aň operatory ýaly täze hünärler boýunça kadrlar taýýarlanylýar. Ýakynda neşir edilen «Geljegiň hünärleriniň atlasy» gollanmasy ýaş hünärmenlere geljekde haýsy ugurlaryň has ähmiýetli boljakdygyny kesgitlemäge kömek edýär.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, aýratyn hem TNGIZT-de we SNGIZ-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge hyzmat edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrar. Sanlylaşdyrmak — bu diňe bir tehnologik ösüş däl, eýsem halkymyzyň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň durnukly geljeginiň kepilidir.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň redaksiýasynyň Sanly habarlar bölüminiň programmisti Amandurdyýewa Tylla