23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum — TEIF 2025 ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Türkmen Energiýa forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan göçme halkara forum dünýäniň 42 ýurdundan wekilleriň 470-den gowragyny bir ýere jemlemek bilen, ähmiýetli waka öwrüldi.
Forumyň resmi taýdan açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Gutlagda döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny hem-de hususy pudagy ösdürmek babatda halkara maýa goýumlarynyň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow forumda çykyş edip, ýangyç-energetika toplumynda, şeýle hem senagat, infrastruktura we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda daşary ýurtly maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini belledi. Wise-premýer «Galkynyş» gaz käni, TOPH taslamasy, deňizde gözleg we senagat hyzmatdaşlygy ýaly meselelere aýratyn üns berdi.
TEIF 2025-iň çäklerinde gazy gaýtadan işleýän zawodlary gurmak, NGIZ-i döwrebaplaşdyrmak, ugurdaş gazy gaýtadan işlemek we energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça täze taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistan özara gatnaşyklaryň dürli görnüşlerine — EPC-şertnamalardan başlap bilelikdäki kärhanalary we hyzmat edýän kompaniýalary döretmek ýaly hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny mälim etdi.
Ekologiýa durnuklylygy, şol sanda Türkmenistanyň metan hem-de Gün, ýel we wodorod energetikasy babatda taslamalary ösdürmek boýunça ählumumy borçnama gatnaşmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny» atly mowzukda guralan esasy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň energetika syýasaty energetika diplomatiýasynyň, sebit durnuklylygynyň we global özara gatnaşyklaryň esasy hökmünde; milli ykdysadyýet üçin, şeýle hem Günorta Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin maýa goýum mümkinçiliklerini açýan TOPH halkara gaz geçirijisiniň kuwwaty; energetika diplomatiýasynda Türkmenistanyň orny we onuň sebitiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna täsiri; ýurduň uglewodorod serişdeler binýady, bar bolan halkara gaz geçirijileri we nebitgaz senagaty üçin täze maýa goýum taslamalary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Esasy mejlisiň dowamynda «PETRONAS» toparynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tengku Muhammad Taufik Tengku Kamaddžaa Aziz dünýä energetikasynyň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň strategik ornuny hem-de malaýziýa kompaniýasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi.
Forumyň birinji güni oňa gatnaşyjylar «Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa» temasy boýunça çykyşlary diňlediler. Mejlisiň dowamynda tebigy gazyň eksportynyň täze mümkinçilikleri, gazhimiýa we elektrik energiýasyny işläp çykarmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan — Hytaý, TOPH halkara gaz geçirijileri, Özbegistana «mawy ýangyjy» ibermek, üstaşyr geçirmek ýaly iri başlangyçlara aýratyn üns berildi.
Aýratyn geçirilen mejlis gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýa ulgamlaryna üns bermek bilen, Türkmenistanyň nebitgaz taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak meselelerine bagyşlandy.
«2024-nji ýylda Demirgazyk we Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana täze taslamalar üçin göni maýa goýumlary çekildi, olaryň möçberi ABŞ-nyň 31 milliard dollaryna barabar boldy» diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alisjahban wideoaragatnaşyk boýunça eden çykyşynda belledi.
Alisjahbanyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň üstaşyr merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän orny söwda we energetika hyzmatdaşlygy üçin, aýratyn-da, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri we durnukly infrastruktura babatda uly mümkinçilikleri açýar.
Nygtalyşy ýaly, «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy» we «energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» ekologik ykdysadyýete geçmek üçin anyk ýol kartasy bolup durýar. Bu maksatnamalar daşary ýurtly maýadarlara ýel we Gün energetikasy, energiýa tygşytlaýjy düzüm we intellektual ulgamlaryň tehnologiýalary babatda taslamalary işläp taýýarlamaga gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. ESKATO durnukly ösüşiň bähbidine göni daşary ýurt maýalaryny ilerletmek boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň bilelikdäki tagallalaryny goldamaga taýýardyr.
Kuala-Lumpurda geçirilen TEIF 2025 maýa goýum forumynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew energetika pudagynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, şol sanda iri «Galkynyş» gaz käniniň täze ýataklarynyň işlenip taýýarlanyşy bilen tanyşdyrdy.
Maksat Babaýewiň belleýşi ýaly, Hytaý türkmen gazyny iri sarp ediji (bir ýylda 30 milliard kub metrden gowrak) döwlet bolup durýar, gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň gurulmagy bilen ol 65 milliarda ýetip biler. Şeýle hem gaz Özbegistana hem-de Eýranyň üsti bilen Türkiýä ugradylýar, bu bolsa, Türkmenistanyň geostrategik çeýeligini görkezýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy ilaty 1,75 milliard adam bolan ýurdy gaz bilen üpjün etmäge ukyply bolan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny aýratyn mysal getirdi. Türkmenistanda onuň 214 kilometrlik böleginiň gurluşygy tamamlanan bolsa, Owganystanda gaz geçirijiniň gurluşygyna girişildi. Taslamalaryň ekologiýa täsiri barada aýtmak bilen, Maksat Babaýew Hytaýa her ýyl iberilýän gazyň 50 million tonna çenli kömrüň ýerini tutmaga, zyýanly gazlaryň 60 million tonnadan gowrak zyňyndylarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýändigini belledi, bu bolsa, ekologiýany gowulandyrmaga we sebitiň durnukly geljegine uly goşant bolup durýar.
Kuala-Lumpurda çäreleriň birnäçesi TEIF 2025-iň ikinji güni bolup geçdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň energetika pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýasy» diýen tema boýunça umumy mejlis bar. Çykyşlarda ýurduň ykdysady ösüşini çaltlandyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we dünýä bazarlaryna çykmak üçin uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna strategik çemeleşmesi bellenildi.
Mejlisleriň dowamynda Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebit ýataklaryny özleşdirmäge maýa goýumlary çekmek, uglewodorod serişdelerini gözlemäge we gazyp almaga innowasion çemeleşmeler, şeýle hem nebithimiýa senagatyny ösdürmek esasy temalar boldy.
Soňra forum «Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam etmek: senagaty we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek» atly mejlis bilen dowam etdi. Ol önümçiligiň möçberini we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagy ugur edinýän Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň senagat, dokma we azyk senagaty ýaly möhüm ugurlaryna bagyşlandy.
«GaffneyCline TM Energy Advisory» kompaniýasynyň sebitdäki direktory Stiwen Trewers Türkmenistanyň deňizdäki energetika pudagynyň durnukly ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri hakynda maglumatlar bilen tanyşdyryp, ýurduň nebitgaz pudagynyň daşary ýurt maýa goýumlary we geljek üçin meýilnamalar netijesinde gülläp ösýändigini belledi. Şonuň bilen baglylykda, «Petronas» kompaniýasynyň amala aşyrýan taslamalary, şol sanda kompaniýanyň dolandyrýan Magtymguly, Diýarbekir we Garagol deňiz gazkondensatly ýataklarynda, şeýle hem bir ýylda gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işleýän Gyýanlydaky zawodda amala aşyrýan taslamalary boýunça anyk maglumatlar beýan edildi.
Stiwen Trewersiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň nebitgaz pudagy durnukly ösüş ýoluna düşdi. Garaşylyşy ýaly, her ýyl gönükdirilýän maýa goýumlary onýyllygyň ahyryna çenli 700 million dollara golaý derejede saklanar, soňra bolsa, gaz pudagyna meýilleşdirilýän maýa goýumlar netijesinde has-da artar. Möhüm wakalaryň hatarynda «Galkynyş» taslamasynyň ikinji tapgyryny işe girizmek bolup, ol gazyň eksportynyň mümkinçiliklerini 30 milliard kub metre çenli artdyrar.
Forumyň jemleýji mejlisi möhüm arassa energiýa geçmek, zyýanly zyňyndylary azaltmak we ekologiýa innowasiýalary bilen bagly meselelere bagyşlandy. Onda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew we Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow çykyş etdiler. Olar uglerody pula öwürmäge, tutmaga, ulanmaga we saklamaga bolan innowasion çemeleşmeler bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem global klimat maksatlaryna kybap gelýän «ýaşyl» taslamalara maýa goýumlaryny çekmek syýasatyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Tanyşdyrmalar başlangyçlaryň giň toparyny, şol sanda Türkmenistanyň Global Methane Pledge gatnaşmagy, Metanyň zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň (IMEO) goldaw bermeginde metanyň zyňyndylaryna gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak, Hazar we Aral deňizleriniň ekoulgamlaryny goramak boýunça taslamalar, şeýle hem klimat uýgunlaşmasy meseleleri boýunça UNEP bilen hyzmatdaşlyk ýaly başlangyçlary gurşap aldy.
«IRENA», «Kayrros», «Petronas», «Capterio» we «GHGSat Inc.» ýaly halkara kompaniýalaryň wekilleri türkmen senagatynyň ekologiýalaşdyrylmagyna we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary Muhammet Hamel TEIF 2025-de çykyş edip, Türkmenistanda 2050-nji ýyla çenli gazyň çykarylyşynyň iki esse artjakdygynyň we 150 milliard kub metre deň boljakdygynyň çaklanýandygyny belledi.
24-nji aprelde forumyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.
TEIF 2025-iň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Şeýle hem forumyň çäklerinde daşary ýurtly işewürleriň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň — nebitgaz, himiýa, maliýe, gurluşyk we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy.
TEIF 2025 Türkmenistanyň diňe energiýa serişdelerini ygtybarly ugradýan hyzmatdaş hökmünde däl-de, eýsem, durnukly we ekologiýa taýdan arassa geljegi gurmakda işjeň döwlet hökmünde hem öňdäki hatarlara çykýandygyny aýdyň görkezdi.