744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
Türkmenistanyň kärhanalarynda suw üpjünçiligiň durnuklylygy ýola goýulýar
03.06.2025

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň işgärleri Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyş möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly goşant goşýarlar. «Galkynyş» we beýleki känlerde täze guýularyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýer astyndan uglewodorod çig malynyň çykarylyşy yzygiderli artýar.

Bu ugurda ýokary netijeleri gazanmakda durmuş üpjünçiligi edarasynyň suw we bug bilen üpjün ediş bölüminiň işgärleri möhüm orun tutýarlar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde, eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ulanylyp gelinýän Hanhowuz arassalaýjy desgasynyň işi görkezilýär. Bu desga «Marygazçykaryş» müdirliginiň düzümine girýän Gündogar we Günbatar Şatlyk känleriniň hem-de olaryň gaz ýygnamak desgalarynyň arassa suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegini kepillendirýär. Umumy uzynlygy 54 800 metr bolan suw geçiriji arkaly her aý 45–50 müň kubmetr arassalanan suw iberilýär. Häzirki wagtda bu arassalaýjy desga «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň garamagyndaky «Döwletabat — Derýalyk» esasy gaz geçirijisiniň ugry boýunça ýerleşýän Şatlyk önümçilik müdirligini hem suw bilen üpjün edýär.

Desganyň uzak möhletli we durnukly işlemegi onuň tehniki enjamlarynyň we suw geçirijisiniň işgärler tarapyndan yzygiderli hem-de hünär taýdan ýokary derejede hyzmat edilmeginiň netijesidir. Häzirki wagtda kärhananyň işi iki nobatda guralandyr. Bu ýerde 24 hünärmen we işçi zähmet çekýär.

Tomus pasly — iň ýokary suw sarp edilýän döwür bolup durýar, şonuň üçin kärhananyň işgärleri bu möhüm döwre taýýarlyk görmek üçin sorujylary we beýleki enjamlary öz wagtynda tehniki hyzmatdan geçirdiler. Meýilnama laýyklykda, suw geçirijiniň käbir böleklerini täzelemek işleri hem ýerine ýetirildi. Suw geçirijiniň 25-nji kilometrinde, 210 metr uzynlykdaky bölekde könelen geçirijiler täzelere çalşyryldy. Şeýle hem Şatlyk önümçilik müdirligine barýan ýolda köne geçirijiniň ýerine 160 millimetrlik polietilen geçiriji ornaşdyryldy.

«Kärhanamyzda ýokary derejeli tejribeli halypalar işleýär. Sorujy bekediniň maşinistleri Tirkişdurdy Magtymow, Kakamyrat Hudaýnazarow, Sapa Nurýagdyýew, bekediň abatlaýyş ussasy Maksat Garryýew we beýlekiler öz bilimleri we tejribesi bilen kärhanamyzyň ähli bölümleriniň bökdençsiz işlemegini we arassa suwuň ygtybarly ýetirilmegini üpjün edýärler. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu tomus hem sarp edijilerimizi bökdençsiz suw bilen üpjün etmegi dowam etdireris» diýip, Hanhowuz arassalaýjy desganyň uly ussasy Nöker Aşyrow nygtaýar.