744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
09.11.2024
Hasyl toýy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 8-nji noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 9-njy noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini, 10-njy noýabrda bolsa ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden belleniljekdigini nygtady. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlasly zähmetini görkezýän rysgal-berekediň baýramydyr. 

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de Hasyl toýy mynasybetli, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi we mähriban halkymyzy, zähmetsöýer daýhanlary bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi