744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
14.12.2024
Burawlaýjylaryň toý sowgady

Ýurdumyzyň gazçylarynyň asylly zähmetinden söz açylanda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň zähmet pälwanlarynyň alyp barýan netijeli işleri hem ilkinjileriň hatarynda ýatlanylýar. Müdirligiň gaýratly gazçylary ýurdumyzyň sebitlerinde iş alyp barmak bilen, her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Öndürijilikli zähmet gazçylara abraý getirýär.

Müdirligiň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri egin-egne berip, tutanýerli zähmet çekmegiň hasabyna tamamlanyp barýan 2024-nji ýyly-da ýokary zähmet görkezijileri bilen jemleýärler. Olar ýylyň dowamynda özüniň gaz gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 259-njy, 236-njy ulanyş gaz guýularyndan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Guýularyň her biri her gije-gündizde degişlilikde 2 million hem-de 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Çartak» gaz känindäki 54-nji ulanyş gaz guýusyndan bir gije-gündizde 224 müň 300 kub metr tebigy gaz alynýar. Guýudan alnan tebigy gazyň esasy aýratynlygy kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagydyr. Ahal welaýatynyň «Çalçulba» gaz känindäki ulanyş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gazyň alynmagy-da müdirligiň gazçylaryna abraý getirdi. Bu guýynyň-da berýän tebigy gazynyň düzümi kükürt-wodorodsyz, arassa görnüşidir.

Müdirligiň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýuna we ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramyna-da ajaýyp zähmet sowgadyny taýýarladylar. Olar şu toýly günlerimizde «Galkynyş» gaz känindäki 265-nji ulanyş gaz guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar. Müdirligiň burawlaýjylary gaýratly zähmet çekip, guýynyň buraw işlerini 4 müň 485 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Öz käriniň ussady, tejribeli buraw başlygy Juma Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar topary 4 müň 417 — 4 müň 281 metr, 4 müň 266 — 4 müň 26 metr aralyklardaky gatlaklardan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ulanyş gaz guýusy bir gije-gündizde 2 million kub metrden gowrak tebigy gaz berýär. Şu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde «Galkynyş» gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine gabat gelýän, Ýaponiýanyň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle-de ABŞ-nyň belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy. Ulanyş gaz guýusynda sorujy kompressor turbalary 3 müň 167 metr çuňluga goýberildi.

Gaz guýularyny burawlamakda, olaryň gurluşygyny doly tamamlap, ulanyşa girizmekde kämil tehnologiýaly önümlerdir enjamlar bilen üpjün edilmegi gazçylara işleri çalt depginde, ýokary hilli alyp barmaga, guýularyň uzak wagtlap işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Müdirligiň gazçylary häzirki wagtda «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 231-nji, 253-nji, 260-njy, 263-nji, 264-nji we 283-nji ulanyş gaz guýularynda hem buraw işlerini giň gerimde alyp barýarlar.

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti