744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.10.2023
Azerbaýjanyň wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň meselerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.