744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.10.2023
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Bişkege iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň esasy ugry Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary global we sebit syýasatynyň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.