744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
24.02.2025
«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleri welaýatyň çägindäki gaz geçirijileri täzelemekde möhüm işleri durmuşa geçirýärler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bagtyýar raýatlarymyza döwletimiziň milli baýlyklaryndan, şol sanda tebigy gazdan gündelik hajatlarynda giňden peýdalanmaga ähli şertler döredilýär. Döwletimiz tarapyndan halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy barada edilýän tükeniksiz atalyk aladalar, öý-ojakda tebigy gazyň üpjünçiligi ýurdumyzyň sebitleriniň, şol sanda Mary welaýatynyň şäherleriniň, obalarynyň ýaşaýjylarynda-da çäksiz hoşallyk duýgusyny döredýär.

Welaýatyň ilatynyň ýyl-ýyldan artmagy bilen «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher hem-de etrap gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri tarapyndan Milli maksatnama laýyklykda täze ýokary, orta basyşly gaz geçirijileri gurlup ulanylmaga berilýär, ozaldan ulanylýan gaz geçirijileriň durky täzelenilýär.

Müdirligiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň Şatlyk şäheriniň gaz hojalyk ülşi hem ilaty «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde işleri döwrebap guraýan kärhanalaryň biridir. Gazçylar şäherinde bar bolan bir müň ýedi ýüz ýetmiş dokuz hojalyk, döwlet hem-de döwlete degişli bolmadyk edara-kärhanalaryň altmyş altysy ülşüň işgärleri tarapyndan ýylyň bütin dowamynda tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Elbetde, şäherde täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen onuň çäkleriniň hem giňelýändigini aýtmak gerek. Şeýlelikde, şäherde täze gaz geçirijilerini gurmak wezipesi ýüze çykýar. Şäheriň Parahatçylyk, Senagat köçeleriniň ugrunda-da täze ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Şoňa görä, bu köçeleriň ugrunda täze eltiji gaz geçirijini gurmak Milli maksatnama girizildi. Geçen ýyl «Marygazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan gerekli gaz gurluşyk enjamlary bilen üpjün edilmegi arkaly gazçylar şol köçeleriň ugrunda uzynlygy bir müň metr bolan eltiji gaz geçirijini hem-de iki sany gaz sazlaýjy enjamy gurup, ulanmaga berdiler. Şatlyk şäheriniň Aşgabat köçesiniň ugry hem täze jaýlaryň bina edilen künjegidir. Köçäniň ugrunda täze gurlan umumy uzynlygy bir ýarym müň metr bolan içki gaz geçiriji gazçylaryň geçen ýyl ýerine ýetiren iri möçberli işleriniň biridir. Şu gaz geçirijileriň gurulmagy bilen täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baran hojalyklar «mawy ýangyjyň» eşretinden bökdençsiz peýdalanmaga mümkinçilik aldylar.

Şäheriň çägindäki ozalky ulanylýan gaz geçirijileriň durkuny täzelemek boýunça ýerine ýetirilen işler hem ülşüň gazçylarynyň geçen ýyl berjaý eden gaz gurluşyk işleriniň bir bölegini tutýar. Olar şäherdäki birinji gaz paýlaýjy desgadan Aşgabat köçesine çenli aralykdaky eltiji orta basyşly gaz geçirijiniň durkuny täzeläp ulanmaga berdiler. Gaz geçirijiniň ugrundaky ozalky göwrüminiň diametri 114 millimetr bolan turbalara derek göwrüminiň diametri 219 millimetr bolan turbalaryň gurnalmagy arkaly sarp edijileriň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiligi düýpli gowulandy.

— Edaramyzyň hyzmat ediş gulluklarynda öz işinde tejribe toplan işgärleriň ençemesi zähmet çekýär. Olardan gaz enjamlaryny ulanmak we abatlamak boýunça slesar Seýitmyrat Amansähedow, daşary gaz geçirijilerine hyzmat etmek we bejermek boýunça slesarlar Gapbar Taganow, Bagtyýar Abdyýew, Annadurdy Annadurdyýew, heläkçiligiň öňüni alyş gullugynyň ussasy Mergen Motjaýew we beýlekiler işde ýaşlara-da zähmet göreldesini görkezip, gazçylar şäheriniň ilatynyň döwletimiziň halkymyza berýän eşreti bolan «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Tebigy gazdan tygşytly, howpsuz peýdalanmagy ilat arasynda wagyz-nesihat etmek hem biziň işlerimiziň möhüm ugry bolup durýar. Şoňa görä, işgärlerimiz şäherimiziň mekdeplerinde, çagalar baglarynda yzygiderli bolup, «mawy ýangyçdan» tygşytly hem-de howpsuz peýdalanmak boýunça düşündiriş çärelerini geçirýärler — diýip, Şatlyk şäheriniň gaz hojalyk ülşüniň başlygy Kakamyrat Gummadow gürrüň berýär.