«Türkmennebit» DK-nyň «Gamyşlyjanebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň işgärleri «Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen dabaralandyrýarlar.
2021-nji ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça «gara altynyň» çykarylan möçberi 61 müň tonnadan geçdi. Netijede bellenilen meýilnamadan 1 müň 212 tonna uglewodorod çig maly artyk çykaryldy.
Häzirki wagtda iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan müdirligiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Şatut we Altyguýy känlerinde iş alyp barýarlar.