13-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalarynyň degişli awtomatik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmäge ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.