744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
20.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestinanyň täze ilçisini kabul etdi

18-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşykda diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi. Ol parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle-de diplomat Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şeýle-de Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we ýurduň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Türkmenistanyň nebit-himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümlerini, dürli azyk harytlaryny eksport etmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-palestin gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.

«Biz geljekde hem halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda ähmiýetli bolan özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini, bilim babatda alyşmalaryň, milli sergileriň we maslahatlaryň guralmagyny goldaýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany beýan edilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliginiň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň palestin tarapynyň anyk tekliplerine we netijeli başlangyçlaryna seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi palestin-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi