744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
30.06.2025
Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi

29-njy iýunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şähergurluşyk taslamasy bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir.

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Dabaraly açylan wagtyndan bäri geçen iki ýylyň dowamynda Arkadag şäheri “akylly” şähergurluşyk maksatnamasy ulgamynda ýokary görkezijilerini, innowasion mümkinçiliklerini we ekologiýa derejesini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalar hem-de baýraklar bilen sylaglanyldy. Geçen ýyl bu şäher Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy. Mundan başga-da, oňa Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil babatda “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesi berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde-de ykrar edilen “akylly” şäher hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Häzirki wagtda onuň gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam edýär. Ikinji tapgyryň çäklerinde diňe bir durmuş düzümli desgalar däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalary hem gurlar. Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda çagalar dynç alyş seýilgähini, Arkadag şäheriniň metjidini we beýlekileri görkezmek bolar. Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 336 sany döwrebap desga gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary bar. Täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy. Ýörite işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi işiň bökdençsiz alnyp barylmagyny şertlendirýär we dolandyrylýan ähli enjamlaryň aýratynlyklary barada anyk maglumatlary hödürleýär.

Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra hem aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň, Hytaýyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Döwrebap şäheriň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmek babatda zerur bolan toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi. Hususan-da, daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygy gazanmak üçin şäheriň köçelerinde we daş-töwereginde köp sanly bag nahallary oturdyldy.

Arkadag şäherinde halkara ölçeglere, ekologik talaplara laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi döredildi. Giň şaýollar, köçeler häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Täze şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine nobatdaky iş saparynyň dowamynda täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli, aragatnaşyk we internet ulgamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berendigini bellemek gerek. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmekde, emeli aňyň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň düýbi tutulan wagtyndan bäri onuň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şähere amala aşyrýan her gezekki iş sapary möhüm gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşlyk bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Arkadagymyzyň desgalaryň ulanylyş aýratynlyklaryna, ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli gymmatly maslahatlary taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ýolgörkeziji çelgä öwrülýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde guruljak binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna eýerilmelidigini we sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belleýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň intellektual eýeçilige degişli önümleriň ulanylmagyna, gurluşyk, bezeg işlerine sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtamak gerek. Arkadag şäheriniň köçelerine, şaýollaryna, edaralaryna halkymyzyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy uly buýsanç duýgusyny döredýär. Bu ýeriň ahalteke atlarynyň gadymy mekany hasaplanýandygy göz öňünde tutulyp, onuň şaýollarynyň biri «Ahalteke atlary» diýlip atlandyryldy. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň ajaýyp üstünligi bolan Arkadag şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagy, “Taýçanak” binasynyň gurulmagy şöhratly bedewlerimize bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr.

Ekologik taýdan arassa Arkadag şäherinde elektrobuslar we elektromobiller, “akylly” duralgalar hereket edýär. Bu ýerde adybir teleýaýlym, gazet, şeýle-de futbol topary döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda şähergurluşyk konsepsiýasy oýlanyşykly esasda, tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, jemgyýetimiziň medeni-ruhy durmuşynyň, aň-paýhas mümkinçilikleriniň derejesini, durmuş ýörelgeleriniň esasyny düzýär.

Ine, şu gün hem täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde köp sanly ýaşaýjylara döwrebap jaýlardan ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy. Munuň özi täze göçüp gelen ýaşaýjylar üçin goşa baýramçylyk boldy.

Şatlykly pursatlar ähli ýeri gurşap aldy. Aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, döredijilik toparlary öz ussatlygyny görkezdi. Täze öýlere göçüp gelen maşgalalar ýaşamak üçin iň aňrybaş amatlyklary üpjün edýän “akylly” öý tehnologiýalarynyň aýratynlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Mysal üçin, oturdylan datçikler yşyklandyryjynyň otagyň içini diňe adam bar wagty ýagtyltmagyny üpjün edýär. «Akylly» öýlerde awtomatlaşdyrylan perdeler we žalýuzlar göz öňünde tutulandyr. Olar Gün şöhlesini, ýylylygy has netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Munuň üçin degişli ulgam gije-gündiziň wagtyny, ýylyň paslyny, daşardaky howany hasaba alýar. Ykjam telefonlaryň, ses buýrugynyň üsti bilen uzak aralykdan dolandyrylýan gorag ulgamy jaýlaryň howpsuzlygynyň toplumlaýyn çözgüdi boldy. Tehniki howpsuzlyk, suw basmagyndan, suwuň we gazyň syzmalaryndan, tüsselemekden goragy üpjün etmek, elektrik simleriniň näsazlyklary barada duýdurmak — bularyň ählisi «akylly» öýüň möhüm wezipeleridir. Ulgamyň özi adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykmagyny aradan aýryp hem-de öýüň eýesine bu barada öz wagtynda habar berip bilýär. «Akylly» öý ulgamy elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň sarp ediliş möçberi barada maglumatlary almaga, uzak aralykdan öýdäki howanyň derejesini kadalaşdyrmaga, beýleki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Täze öýlere göçüp gelen maşgalalar Watanymyzyň gülläp ösmegi, döredijilikli zähmet çekmek, ýokary derejede dynç almak üçin halkymyza amatly şertleriň döredilmegi ugrunda edýän hemişelik aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, asylly başlangyçlaryň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda bar bolan ähli täzeçillikler Arkadag şäheriniň gurluşygynda peýdalanyldy. Bu şäher häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde durmuş üpjünçilik ulgamy tutuşlygyna elektron ulgam arkaly dolandyrylýan ýeke-täk şäherdir. “Akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň taslamasynyň doly durmuşa geçirilmegi bilen, ol innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň we maýa goýum işjeňliginiň merkezi hökmünde ösüşiniň täze tapgyryna gadam basar.

...Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şäher häkimliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy pudagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar, örän oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalary we başga-da köp sanly möhüm binalar ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi. Şäher giň şaýollar, döwrebap yşyklandyryş, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şäheriň ilatyna we myhmanlaryna häzirki zaman ulaglary ýokary derejede hyzmat edýär. “Arkadag şäheri döwrebap şähergurluşyk keşbi, innowasion mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döredýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesini göterýän bu şäher Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny äleme äşgär edýär. Bu ýerde halkara forumlaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, iri medeni çäreleriň ençemesiniň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Biz gözelligi we döwrebaplygy bilen ata Watanymyzyň şanyna şan goşýan bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda hem halkymyzyň bähbidine belent maksatly işleri amala aşyrarys” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, önümçilik pudaklaryny ösdürmek bilen bagly durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda iri şähergurluşyk taslamalaryna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler. Täze, döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyz özgerip, günsaýyn has gözel keşbe eýe bolýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we yzygiderli goldawlary esasynda gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri bu günki gün gaýtalanmajak keşbe eýe bolýar. Arkadag şäherinde senagat desgalaryny gurmak baradaky çözgüt milli ykdysadyýetimizi berkitmek, şäheriň bagtyýar ýaşaýjylarynyň abadançylygyny üpjün etmek meselelerine döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň depginlerini artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda ähli ulgamlaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir.

Hususy kärhanalaryň şähergurluşyk işine, şeýle hem milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge giňden çekilmegi ýurdumyzda telekeçiligi goldamagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan Diýarymyzyň ähli künjeklerinde önümçilik, ýaşaýyş-durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesinde gurluşyklar alnyp barylýar. 50-den gowrak ýerli hususy kärhana Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar. Şunuň bilen bir hatarda, lukmançylyk klasteriniň gurluşygynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary iş alyp barýarlar. Maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň halkara ülňülere laýyk gelýändigini bellediler. Şäheriň saglygy goraýyş ulgamy lukmançylyk maksatly birnäçe desgalary özünde jemleýär. Köpugurly hassahana, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, anyklaýyş merkezi şolaryň hataryndadyr. Ýokary derejeli lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam bermän, eýsem, ýurdumyzy lukmançylyk babatda sebitiň öňdebaryjy merkezleriniň birine öwürmäge-de şert döredýär.

Döwrebap şäherde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumyny döretmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy açyldy. Ol halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän ýerli çig maldan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik sarp edilýän serişdeleri öndürýär. Lukmançylyk klasteriniň önümleri halkara derejede hasaba alnandyr, önümçiligiň haryt nyşany bolsa Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň güwänamasy bilen tassyklanandyr. 2021-nji ýylyň martynda ýaş türkmenistanlylary durmuş taýdan goramak we olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini bellemek gerek. Gaznanyň ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýär.

Maslahatda durnukly ösüşiň bähbidine sanly hem-de “ýaşyl” özgertmeleriň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Döwrebap tehnologiýalaryň ykdysady ösüş, döwlet hyzmatlaryny alyp barmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy, tebigy serişdeleriň dolanyşygyny kämilleşdirmek üçin uly kuwwata eýedigi nygtaldy. Ýaşamak üçin amatly şertleri döredýän ekologik taýdan arassa serişdelerden peýdalanmak döwrebap şähergurluşyk taslamasynyň köp sanly desgalarynda esasy talaplaryň biri boldy. Maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň diňe bir adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şäher bolman, eýsem, ylmy, bilimi, sporty ösdürmegiň, giň halkara hyzmatdaşlygyň, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň hem merkezi boljakdygyna ynam bildirdiler.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Çäräniň çäklerinde dürli önümleriň we işläp taýýarlamalaryň sergisi hem guraldy. Myhmanlar şäheriň binagärlik aýratynlyklaryna, onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar baradaky maglumatlar, fotosuratlar bilen tanyşdyryldy. Sergide Arkadag şäherine berlen halkara güwänamalara, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Konsert “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Ýaşa, mähriban Arkadag!” atly kompozisiýa bilen açyldy. Bu sahna eserinde türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyza belent hormat-sarpasy öz beýanyny tapdy.

Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň birleşen döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyz — halkyň ykbalyna nur-çyragymyz» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Artistler öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzda parahatçylygyň we ylalaşygyň berk binýadyny goýan Milli Liderimiziň beýik işlerini wasp etdiler. Arkadag şäheriniň körpe aýdymçylarynyň, «Mukam» skripkaçylar toparynyň, «Şowhun», «Şatlyk», «Ruhubelent çagalar» tans toparlarynyň ýerine ýetiren «Biz bagtyň gujagynda» atly kompozisiýada türkmen halkynyň baý döredijiligi öz beýanyny tapdy.

Konsertdäki her çykyşda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler we innowasion şähergurluşyk syýasatynyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyza mähirli gutlaglar beýan edildi. Ýerine ýetirilen aýdymlaryň Arkadag şäheri baradaky wideoşekiller bilen utgaşdyrylmagy konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Sungat ussatlarydyr ýaş artistler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, Watanymyzyň gözel tebigatyny wasp etdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň halk artisti P.Amandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Kalbymda sen” atly aýdymyny dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tomaşaçylar zenan bagty hem-de wepadarlygy, ene söýgüsi, ata Watanymyzyň gözelligi baradaky aýdymdan ruhy lezzet aldylar. Milli Liderimiziň “Garaşyp ýazlaryň joşan wagtyna” atly ajaýyp aýdymynyň ilkinji gezek ýaňlanmagy bu dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterip, hemmeler üçin ajaýyp sowgat boldy. Konsert gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Gahryman Serdarly bagtly halkymyz, ýaşa, ýaşa, Gahryman Arkadagymyz!» atly aýdym baýramçylyk çäresiniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanan konsert uludan tutulan türkmen toýuna mahsus ruhubelentlikde geçdi. Döwrebap yşyklandyryş enjamlary dabaraly çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi