2025-nji ýylyň 25-nji iýuny – 3-nji iýuly aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasy geçirilýär.
Çäräniň çäginde ummanlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini çaklamak we deňiz gurşawyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tematiki ylmy sapaklar we ýörite duşuşyklar hem geçirilýär.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, Türkmenistanyň ÝUNESKO-yň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Maksat Çaryýew, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Şertnama-hukuk departamentiniň işgäri Kemal Garaýew gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň işine işjeň gatnaşmak arkaly öz ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ösdürmegi, halkara ylmy dialogy çuňlaşdyrmagy we okeanlary hem-de deňizleri goramak bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmagy maksat edinýändigi bellenildi.
Türkmenistan deňiz ekoulgamyny goramak, ylmy barlaglary ösdürmek we okeanografiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça halkara başlangyçlaryna yzygiderli ygrarlylygyny görkezýär. Şeýle hem, sebit üçin Hazar deňziniň aýratyn ähmiýeti göz öňünde tutulyp, deňiziň bioköpdürliligini goramak we deňiz serişdelerinden durnukly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.