744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
14.07.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji iýulynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar çagalaryň saglygyny goramak we goldamak ulgamynda Gaznanyň we Belarusyň degişli guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Belarus Çaga gaznasynyň Geňeşiniň Başlygy Lýudmila Kondraşowanyň adyndan ýollanan haty hem-de çagalar üçin ýörite taýýarlanan ösüş toplumyny Wise-prezidente gowşurdy.

O.Atabaýewa hat we kiçijiklere niýetlenen sowgat üçin belarus tarapyna minnetdarlyk bildirip, onuň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine gowşurylandygyny aýtdy.

Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine umyt bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi