744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
14.07.2025
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), suwuklandyrylan gazy, hlorly natrini (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekillerine arassalanmadyk guradylan buýan köki, boýalan matalar, erkekler üçin niýetlenen köýnekler, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 818 müň manatdan gowrak bolan buýan köküniň goýy ekstraktyny, binýatlyk ýagy, gazbeton bloklaryny, pagta soapstogynyň, pagtanyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti