744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
24.07.2025
Türkmenistan bilen San-Marino hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji iýulda San Marinonyň Daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkari bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministrler halkara düzümleriň çäginde özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi