744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
26.07.2025
Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklaýan Karara gol çekdi. Resminama milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny üpjün etmäge we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmäge gönükdirilendir.

Kararda Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasyna degişli desgalary ulgamlaýyn tertipleşdirmek we gözegçilik etmek boýunça mehanizm göz öňünde tutulýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi