Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynda Pakistanyň ýokary derejeli syýasatçysy we Pakistan diplomatik dostluk toparynyň başlygy Muhammet Ali Durrany bilen duşuşyk geçirildi.
Myhmany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky daşary syýasat düşünjesi, söwda-ykdysady mümkinçilikleri, ýurduň maýa goýum kuwwaty bilen tanyşdyryldy. Oňa Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy üçin döredilen amatly şertler barada hem gürrüň berdiler.
Türkmen tarapy hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we Pakistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdi. Bu babatda bilelikdäki sergileri, maýa goýum forumlaryny gurnamak, işewür toparlary alyş-çalyş etmek baradaky teklipler öňe sürüldi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gepleşikleri ösdürmäge we Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk geljegini görkezýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Çeşme: THP