744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
16.08.2025
Türkmenistan Katar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

15-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetine ýokary baha berdiler we mundan beýläk hem berkitmäge ygrarlylyklaryny
tassykladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi