744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
28.08.2025
Aşgabatda noýabrda «CIET 2025» halkara maslahaty geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat ýene-de bir gezek halkara ünsi özüne çeker, bu ýerde köpden bäri garaşylýan pudagara innowasiýalar, maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk babatda ýurdumyzyň öňdebaryjy çäresi «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» («CIET 2025») atly halkara maslahaty geçiriler.

Ösüş üçin berk esaslar

3 – 5-nji noýabrda Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen «CIET 2024» halkara maslahaty örän uly täsir galdyrdy: 450-den gowrak wekiller, 50-den gowrak çykyş edijiler we 400 gatnaşyjylar «akylly» şäherleriň gurluşygyna, gaýtadan dikeldilýän energetika, infrastrukturany we täze maýa goýum taslamalaryny ösdürmäge ünsi jemläp, gurluşykda, senagatda we energetikada täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.

«Akylly» ykdysadyýetiň ilerleýşi

«CIET 2024» halkara maslahatynyň üns merkezinde «akylly» tehnologiýalary durnukly ösdürmek we ornaşdyrmak meseleleri boldy. Esasy mowzuklaryň arasynda «akylly» şäher – Arkadag şäherini gurmagyň ikinji tapgyry, gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky çözgütler, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk we senagaty döwrebaplaşdyrmak ýaly meseleler bar. Panel maslahatyna gatnaşyjylar önümçiligi – sementden we keramikadan başlap, tutuş ýurt boýunça arassa energetika infrastrukturasynyň desgalaryna çenli giňeltmek meselelerini hem belläp geçdiler. Sirkulýar ykdysadyýeti gurmak üçin hünärli ýaş işgärleri taýýarlamaga bagyşlanan çekişmeler möhüm orun eýeledi.

«CIET 2025» halkara maslahaty: Öňe tarap täze ädim

Geçen ýylky maslahatyň üstünliklerine esaslanyp, «CIET 2025» halkara maslahaty köpugurly ösüşiň has dinamiki katalizatoryna öwrülmegi wada berýär. Esasy maksatlar:

– Innowasiýany ýokarlandyrmak: gurluşykda öňdebaryjy «ýaşyl» tehnologiýalary, «akylly» infrastrukturany we modully çözgütleri görkezmek.

– Maýa goýum ugurlaryny emele getirmek: senagat zolaklaryndan başlap, häzirki zaman önümçilik desgalaryna we arassa energiýa seýilgählerine çenli täze infrastruktura taslamalaryny hödürlemek.

– Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak: ýurdumyzyň ministrlikleriniň, hususy pudagynyň we halkara maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek.

– Adam maýalaryny ösdürmek: mowzuklaýyn mejlisler, ussatlyk sapaklaryny we tegelek stollary guramak.

– «Akylly» şäher taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini tizlendirmek: dünýäniň öňdebaryjy şäherçeleriniň gatnaşmagynda Arkadag we Aşgabat şäherlerini özgertmegiň ösüşini we geljekki tapgyrlaryny beýan etmek.

«CIET 2025» halkara maslahatyndan nämä garaşmaly?

Noýabr aýynyň başynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen çäre şu aşakdakylary özünde jemlär:

– iň täze tehnologiýalary we pudaklaýyn üstünlikleri görkezýän halkara sergisi;

– mowzuklaýyn plenar mejlisi;

– «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gurluşyk we energetika: durnukly ösüşiň täze gözýetimleri», «Durnukly energiýa ulgamlary: geljegiň arassa we ygtybarly energiýasy», «Infrastrukturanyň maliýeleşdirilmegi we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk», «Senagat toparlary we akylly şäher ösüşi», «Durnukly gurluşyk we innowasion gurluşyk materiallary: howa şertleriniň üýtgemegine çydamly infrastruktura». «Gurluşygyň sanlylaşdyrylmagy we senagatyň döwrebaplaşdyrylmagy: Gurluşyk 5.0 - emeli aň, awtomatlaşdyryş we adam merkezli çemeleşme» ýaly mowzuklaýyn mejlisler

– maýa goýujylary türkmen hyzmatdaşlary bilen birleşdirýän B2B maksatly we B2G duşuşyklary we çäreleri;

– «Geljegiň işgärlerini» taýýarlamaga aýratyn üns – okuw tizlendirijileri, başarnyklary ösdürmek boýunça maksatnamalar we okuw jaýlarynyň janly görkezişleri.

Bu näme üçin möhüm?

«CIET 2025» halkara maslahaty döwlet strategiýasynyň, hususy işewürlik we halkara maýadarlarynyň arasynda köpri bolmak bilen, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada durnukly gurluşyk, «akylly» önümçilik we arassa energiýa pudagynda öňdebaryjy orny eýelemäge bolan islegini güýçlendirýän, özgerdýän meýdança bolar.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti