744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
16.09.2025
Türkmenistanda Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 15-nji sentýabrda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagyztanyň, Eýranyň hem-de Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi, hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredilip geçildi.

Mundan başga-da gatnaşyjylar Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek meselelerine hem seredip geçdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi