Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän maslahatyň öz işine başlamagy bilen gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.
“Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly ygtyýarly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen ýokary netijeli strategik hyzmatdaşlygynyň barha giň gerime eýe bolýandygyny göz öňünde tutup, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän bu maslahatyň örän uly daşary syýasy ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin.
Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji, gurujy we parahatçylyk söýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýär. Geçen taryhy döwürde toplanan daşary syýasy we diplomatik tejribe Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň gün tertibinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň möhüm meseleleri bilen birlikde, Türkmenistanyň bilelikdäki ählumumy tagallalara goşýan saldamly goşandy, öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meseleleriň hem üns merkezinde boljakdygyna ynanýaryn”, - diýip döwlet baştutanymyz aýtdy.
“Bitaraplyk biziň depginli ösüşlerimiziň kepilidir, merdana pederlerimiziň parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin uly mümkinçilikdir.
Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegiň, aýratyn-da, parahatçylygyň we ylalaşygyň, ählumumy ösüşiň bähbidine tagallalary birleşdirmegiň pugta halkara hukuk esasydyr”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara berk jan saglyk, egsilmez bagt, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.