Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji noýabrda ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.
Myhman Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kanda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi.