744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
12.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmentel — 2025» hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara sergilere we ylmy maslahatlara gatnaşyjylary gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji noýabrda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» (ITTC 202) atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

“Häzirki wagtda Diýarymyzda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ulag düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen iri maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady çäkde ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça täze üstaşyr ulag düzümlerini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar”, - diýip döwlet baştutanymyz aýtdy.

“Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän orny barha pugtalanýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Häzirki wagtda bolsa Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň hem-de «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň ähmiýeti örän uludyr”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.

Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti