Aşgabatda 11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Jamilýa Hammami bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar. Agzalan resminama boýunça göz öňünde tutulan çäreler, şol sanda halkara ynsanperwerlik hukugyny ilerletmäge, ilatyň aýratyn kömege mätäç toparlaryna goldaw bermäge hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işini berkitmäge gönükdirilen maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Türkmenistan tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerinden zyýan çeken döwletlere yzygiderli ynsanperwer kömeginiň berilýändigi hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen şeýle ýurtlaryň ilatyna, şol sanda goňşy Owganystana yzygider berilýän ynsanperwer kömegi aýratyn bellenildi.