744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
17.12.2025
Aşgabatda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

16-njy dekabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we dostluk toparynyň iş ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni diplomatiýa arkaly gatnaşyklary has-da ilerletmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Mejlisde 2026-njy ýyl üçin geljegi uly beýleki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň işini işjeňleşdirmäge, bilelikdäki işe öňdebaryjy türkmen kompaniýalaryny çekmäge degişli meselelere hem garaldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň 17 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň arasyndaky ykdysady we işewürlik taslamalarynyň ösdürilmegine goşan uly goşandy, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijeli işi üçin toparyň degişli agzasy Hormat haty bilen sylaglanyldy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti