744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
18.12.2025
Türkmenistanyň gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olaryň sebäplerini aradan aýyrmakda bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygy goldanyldy

Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary derejeli gatnaşyjylary - döwlet we hökümet Baştutanlary Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary toparynyň işini, şeýle hem gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we ynsanperwerlik meselelerini çözmekde bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyny gutladylar. Bu barada forumdan soň kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda aýdylýar.

"Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň awgustynda esaslandyrylan gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň düýp sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmakda, ynsanperwer meseleleri çözmekde, halkara gatnaşyklarda bitaraplygy öňe sürmekde köptaraply gepleşikleri goldamagyň mehanizmi hökmünde hereket edýän resmi däl toparyň, ýagny parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini we işiniň dowam etdirilmegini, şeýle hem toparyň birinji ministrler derejesindäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasyny goldamak bilen..." diýip, Aşgabat Jarnamasynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenýändigine aýratyn üns berildi. Bu bolsa halklaryň arasyndaky ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy ösdürýän konstruktiw we parahatçylyk söýüji daşary syýasatyň mysalyna öwrüldi.

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan forum geçirildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti