Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 17-nji dekabrda «FIT International» konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwards bilen duşuşdy.
Taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki medeni we bilim ugurly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Mundan başga-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda türkmen döwletiniň ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ABŞ-nyň degişli guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.