Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli halkymyzy tüýs ýürekden gutlady.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda biz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny giňden belläp geçdik.
Hemişelik Bitaraplyk jebisligimiziň, abadançylygymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Hemişelik Bitaraplygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi bilen, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. Şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi. Elbetde, munuň aňyrsynda Watana bolan söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň durandygyny unutmaly däldiris” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gutlagynda belleýär.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzda uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edildi. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny toýlaýan ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň şan-şöhratyny has-da beýgelden wakalaryň biri boldy” diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.