744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
19.12.2025
Nesilleriň dowamatlylygy: Aşgabatda gobelen ussatlarynyň sergisi açyldy

Kakamyrat Baýlyýewiň we onuň gyzy Altynjemalyň eserlerini öz içine alýan özboluşly sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açyldy. Açylyş milli gobelen mekdebiniň esasyny goýan görnükli suratkeş Kakamyrat Baýlyýewiň 75 ýyllygyna gabat gelýär.

Sergide ýurduň häzirki zaman bezeg we amaly-haşam sungaty üçin ölçeglere öwrülen meşhur suratlar bar. Ussadyň "Çopan mukamy", "Oýanma" we "Küýzegär" ýaly eserleri onuň özboluşly stilini görkezýär: kompozisiýanyň azatlygy, baý palitra we milli keşpleriň çuňňur filosofik düşündirişi.

Serginiň açylyşy ýatlama agşamyna öwrüldi: kärdeşleri, okuwçylary we Baýlyýewiň zehininiň muşdaklary muzeý zallarynda ýygnandylar. Myhmanlar K.Baýlyýewiň döredijilikde uly üstünlik gazanandygyny bellediler. Ol türkmen halyçylyk sungatynyň asyrlardan bäri dowam edýän däplerini ýewropa gobelenleriniň estetikasy bilen utgaşdyryp, düýbünden täze çeperçilik ugruny döretdi.

Şeýlelik bilen, öwrenmek islegi, yzygiderlilik, ýadawsyz gözleg we iň ýönekeý zatlardaky "gudraty" görüp bilmek Kakamyrat Baýlyýewi adaty bolmadyk çözgütleri tapyp bilýän sungat adamyna öwürdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti