744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
19.12.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi we Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň hemişe özünde ýakymly täsirleri galdyrýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplandygyny aýdyp, Aşgabat şäherinde gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň arasynda meşhur bolan döwrebap golf klubunyň taslamasyny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Bu taslama Türkmenistanda golf sportuny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sport infrastrukturasyny ösdürmekde Türkmenistan bilen «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça alyp barýan işleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapjakdygyna hem-de ony ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi Awazany ýurdumyzyň öňdebaryjy dynç alyş we sport merkezine öwürmekde nobatdaky ädim bolar.

Işewür Türkmenistanda sport ulgamyny, hususan-da, golf sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti