744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
19.12.2025
ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Türkmenistana saparyny tamamlady

ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Regina de Dominiçis Türkmenistana resmi saparyny tamamlady.

Sebitleýin direktor Hökümetiň we hyzmatdaşlaryň çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny goramaga ýokary ygrarlydygyny belläp, 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze degişli maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNISEF-iň bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Esasy ugurlaryň arasynda çaganyň irki ösüşi, mümkinçiligi çäkli çagalary goldamak, howa durnukly «ýaşyl mekdepleri» ösdürmek, ýaşlary işe çekmek we çagalaryň bähbidine döwlet maliýe gurluşlaryny berkitmek ýaly meseleler bar.

«Meniň Türkmenistana saparym, hakykatdan-da, ruhlandyryjy boldy. Men mähirli kabul edilendigim üçin tüýs ýürekden minnetdar we Hökümetiň çagalaryň hukuklaryna ygrarlylygynyň anyk hereketlerde durmuşa geçirilýändigini görmekden hoşal. Çagalaryň ösüşiniň skriningi, inklýuziw bilim we sosial işiň ösdürilmegi eýýäm çagalaryň we maşgalalaryň, aýratyn-da, goldawa has mätäç bolanlaryň durmuşyny üýtgedýär» diýip, Regina de Dominiçis belledi. Ol: «Men Türkmenistanda has köp çaganyň ösüp, bilim alyp we öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilmegi üçin hyzmatdaşlygymyzyň geljegine ynamly garaýaryn» diýdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi