744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
19.12.2025
Aşgabatda nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny barada ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata YBTGI-niň alymlary, ylmy işgärleri, ýaş hünärmenler gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserninde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça geçirilýän çäreler, suwly işleýän ulanyş guýularynda gazy çykarmagyň tehnologiýasy, Gazlydepe gaz känini işläp geçmekligiň aýratynlygy, wodorodlaşma prosesiniň poslama täsiri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, Demirgazyk Balguýy we Kükürtli gaz känlerindäki turşy gazlary amin bilen arassalaýan desgalaryň häzirki ýagdaýy, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň innowasion tehnologiýalary, Türkmenistanda kauçik önümçiligini ýola goýmagyň maddy binýady barada halypa alymlaryň we ýaş hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi.

Dabaraly pursatlara beslenen çäräniň dowamynda göreldeli işgärlere baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy, şahyr Baýramsoltan Gurbanowanyň nebitgazçylary, geologlary, olaryň milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrýan asylly işlerini taryplap goşgulary okamagy ylmy-amaly maslahatyň has-da täsirli geçmegini şertlendirdi.

Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti