Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 24-nji ýanwarda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda nebit önümlerine isleg bildirildi.
Hususan-da, ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly we “SN-180” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda umumy bahasy 4 159 800,00 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.