744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.01.2026
Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 24-nji ýanwarda Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybarat. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredildi.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esasy girelgesine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlandy. Edebi-sazly kompozisiýada türkmen serkerdeleriniň gahrymançylyga beslenen şöhratly ýoly, Watanymyzyň asudalygyny berkarar etmegiň her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdugy öz beýanyny tapdy. Harby gullukçylardan düzülen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymynda ýurdumyzyň ösüşleri wasp edildi.

Döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, 2026-njy ýylyň buýsançly şygary bilen atlandyrylan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda döredilen şertler bilen hem tanyşdy.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sport otagyna, täze binalar toplumynyň esgerler naharhanasyna baryp gördi hem-de naharhanada işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, azyk önümleriniň hemişe ekologik taýdan arassa bolmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen hem tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz soňra harby bölümiň çägindäki meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyna ugrady we ýolugra sport meýdançasynda harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryny synlady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynyň syn ediş ýerine gelip, bu ýerde ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşyny we onuň üstünden harby tehnikalaryň geçişini synlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 200 hojalyga niýetlenen, her biri 50 öýli, 4 gatly 4 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler, harby gullukçynyň çagalarynyň okuwlary bilen gyzyklandy. Şeýle-de ýaşaýyş jaýynyň otaglary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy we maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy.

Harby gullukçynyň maşgala agzalary ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady boldy.