744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.02.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylary gutlady

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üç gün dowam etjek bu sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp baryp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Munuň şeýledigi taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, «iki döwlet — bir millet» hasaplanylýan dostlukly türkmen we türk halklarynyň arasyndaky yzygiderli ösdürilýän köpugurly gatnaşyklarda aýdyň görünýär.

Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda, bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda aýdýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we Türkiýede milli önümleriň özara sergileriniň, işewürler maslahatlarynyň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi dürli pudaklarda döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu işleriň netijesinde Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýär.

Aşgabatda öz işine başlaýan sergide türk kompaniýalarynyň oba hojalyk, azyk senagaty, gurluşyk, senagat enjamlarynyň önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary giňden görkeziler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda iş alyp barýan hyzmatdaşlar bilen bir hatarda, öz önümleri bilen ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi iki dostlukly döwletiň işewürleriniň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

«Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.