9-njy fewralda paýtagtymyzda «Arkadag» futbol topary — türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirilen foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Metbugat maslahatynda «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygynyň ähmiýeti barada hem pikir alyşmalar boldy. Bilermenler bu duşuşygy dünýäde millionlarça tomaşaçyny özüne çekjek iri sport wakasy hökmünde häsiýetlendirdiler, dünýä derejesindäki ýyldyzlaryň çykyş edýän toparyna garşy oýnamagyň diňe bir türkmen futbolçylary üçin ussatlyk synagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen futbolyny tutuş yklyma tanyşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikdigini nygtadylar.
Şeýle hem foruma gatnaşyjylar sporty ösdürmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bu çäreleri ýaýlyma bermekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, Türkmenistanda futboly ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň futbolda gazanýan üstünlikleriniň, hususan-da, «Arkadag» futbol toparynyň ýeňişleriniň möhüm ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu futbol topary Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2023-nji ýylda döredildi. Toparyň esaslandyrylan ýylynda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy onuň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezdi. 2025-nji ýylda «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bolsa türkmen sportunyň abraýyny has-da dabaralandyrdy.
Daşary ýurtly žurnalistler toparyň gazanýan üstünlikleriniň Türkmenistanda professional sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň netijesidigini bellediler hem-de «Arkadag» futbol toparynyň gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bu futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasyna gatnaşmagynyň toparyň halkara sport giňişliginde täze belentliklere ýetmegi üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň döwrebap infrastrukturasynyň islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýändigi we ýurdumyzy Aziýanyň möhüm sport merkezine öwürýändigi bellenildi.