19-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebit önümlerine daşarky bazarda isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Içerki bazarda bolsa ýerli işewürlerimiz "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 25 625 000,00 manada we 384 600,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.