744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.02.2026
Hazarly-2 guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çägindäki Böwrideşik basgançagynyň günbatar böleginde ýerleşýän Hazarly meýdançasyndaky Hazarly-2 guýusynda buraw işlerini 3 müň metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirip, ýer astyndaky önümli gatlagyň 2 müň 755 — 2 müň 739 metr aralygynda tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Gaz guýusyny burawlamakda gazçylaryň döwletimiz tarapyndan ýokary hilli önümler we tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi burawlaýyş işlerini bildirilýän talaplara doly laýyk ýerine ýetirmeklige ýardam berdi.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gazly guýy her gije-gündizde 163,4 müň kub metr tebigy gaz berýär.

Häzir burawlaýjylar Hazarly meýdançasyndaky Hazarly-3 guýusynda burawlaýyş işlerini alyp barýarlar.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti