744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.02.2026
Türkmen wekiliýeti UNEP-niň Abu-Dabide geçirilen maslahatyna gatnaşdy

BAE-niň Abu-Dabi şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) Nebit we gaz metany hyzmatdaşlygy (OGMP) 2.0 maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýyllyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle-de “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Halkara çärede ölçeg esasly hasabatlylygy öňe sürmek we Altyn standartyň talaplaryna laýyklykda nebit-gaz pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahat dünýädäki nebit we gaz önümçiliginiň 42 %-den gowragynyň, şeýle hem hökümetleriň we akademiýalaryň, ýokary derejeli kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Onda altyn standart hasabatynyň 5-nji derejesini gazanmak maksady bilen metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça anyk çäreleri geçirmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Türkmen wekiliýeti maslahatyň çäginde Bütindünýä bankynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdi. Duşuşyklarda OGMP 2.0 standartynyň bolup biläýjek orny we metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek, hasabat bermek we barlamak (MRV) ulgamyny döretmek üçin teklip edilýän grant taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi