744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.02.2026
«Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň gazçylary geçen ýyl 2799 metr çuňlugy meýilnamadan artyk burawladylar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň iri we öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň gazçylary geçen ýyl çuňluk burawlamak baradaky meýilnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etdiler. Has takygy, olar meýilnamada bellenilen 10 müň 300 metre derek 13 müň 99 metr çuňlugy burawladylar.

Ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň ilkinji aýynda hem çuňluk burawlamak baradaky meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Olar häzirki wagtda şanly ýyly zähmet üstünliklerine beslemek üçin Günorta Ýolöten meýdançasyndaky 34-nji barlag guýusynda nebit we gaz gözleg işlerini alyp barýarlar. Barlag guýusyna ugrukdyryjy we konduktor oturtma turbalaryny goýberip, burawlaýyş işlerini alyp barýan gazçylar guýynyň çuňlugyny 3 müň 164 metre ýetirdiler.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki nebit we gaz känlerindäki barlag guýularynda iş alyp barýan «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri Balkan welaýatynyň çägindäki Uzynada, Barsagelmez, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çägindäki Minara meýdançalaryndaky barlag guýularynda gazuw işlerini üstünlikli dowam etdirýärler.

Ýeri gelende, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gazçylarynyň, geologlarynyň ýadawsyz çekýän zähmeti netijesinde ýurdumyzyň sebitlerindäki gaz gorly meýdançalardaky ulanyş hem gözleg guýularyndan tebigy gazyň akymynyň alynmagy bilen uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberleriniň barha artdyrylýandygyny bellemek gerek.

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti