744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.02.2026
Türkmen we türk işewürleri ýurdumyzyň nebit önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 20-nji fewralda geçirilen söwdalaşyklarynda ýurdumyzyň nebit önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.

Hususan-da, daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Mundan başga-da, olar ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn aldylar.

Şeýle-de Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" döwlet konserninden “SN-600”, “SN-180” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda umumy bahasy 11 325 000,00 manada we 2 068 577,28 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy