744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.02.2026
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” döwlet konsernine zerur tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berdi

“Türkmennebit” döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi