Türkmenistanda “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler konserniň kärhanalarynyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz, sazlaşykly we ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.