Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, teklipler, Kararlaryň taslamalary barada hasabatlary berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda öňde boljak çäreler, alnyp barylýan we meýilleşdirilýän işler, hödürlenen teklipler, halkara gatnaşyklar, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Hökümet mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullady we wise-premýer B.Annamämmedowa degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklipler hem makullanyp, degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere mart aýynda guraljak çärelere, şol sanda Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralara gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi makullap, bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer B.Annaýewe Aragatnaşyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklipler boýunça degişli işleri geçirmek barada tabşyryk berildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.