Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow millionlarça teletomaşaçylary bolan «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.
Gahryman Arkadagymyz «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýusynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksatlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, geljegi uly ugurlary, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegi baradaky sowalyna-da jogap berdi.
«Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň žurnalisti Rizwan Han söhbetdeşligiň işjeň we netijeli ýagdaýda geçendigini nygtap, häzirki döwrüň meseleleri boýunça pikirlerini beýan edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň we halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň hormatyna giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigini aýdyp, Rizwan Hany we «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň döredijilik toparyny ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabaralara çagyrýandygyny mälim etdi.
Rizwan Han bu çakylygy özlerine bildirilen belent hormat hökmünde kabul edýändigini nygtap, ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan Türkmenistanda geçiriljek dabaralara uly höwes bilen gatnaşjakdygyny aýtdy we hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz dünýäde meşhurlyk gazanan «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna we onuň döredijilik toparynyň agzalaryna işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.