Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary boldy.
Gahryman Arkadagymyz saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Florida ştatynda bolup, birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi.
Milli Liderimiz ABŞ-nyň «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmegiň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly bolan ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan duşuşyklary yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Erik Stýuart iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.
Söhbetdeşler özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň «Panther» milli golf klubyna baryp, onuň meýdançalarynyň gurluş aýratynlyklary, özboluşly şertleri, abadanlaşdyrylyş we hil derejesi bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz «Sandhill Crane Golf Club» okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-da «La Victoria» atçylyk toplumyna-da baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş we taýýarlanyş ugurlary bilen tanşyp, bu ýerde atlaryň bäsleşiklere taýýarlanmagy üçin niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýdyp, bu ugurda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň tanymal syýasatşynas işewür adamlary, hususan-da, işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter we «Oxbow Group» kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Işewürler işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Milli Liderimize hoşallyklaryny beýan edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny bellediler.
«John Deere Walldorf International GmbH» kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça prezidenti Çaba Leýko bilen bolan duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlendi. Türkmenistanyň we «John Deere» kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko «John Deere» kompaniýasynyň özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz bilen duşuşyp, bu ýerde maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler boýunça pikir alyşdy. Pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-a saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden ugrady. Birnäçe sagatdan soňra Milli Liderimiz Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Mahlasy, Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy.