Türkmenistanyň nebit önümlerine Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 23-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda hem isleg bildirildi. Düýn ýurdumyzyň nebit önümi daşarky bazarda ýerlenildi.
Has takygy, daşarky bazarda Özbegistanyň işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Şeýle-de Türkiýäniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi we Gyrgyzystanyň telekeçileri ýerli işewürlerden nah ýüplügi hem-de dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda bolsa ýerli işewürler "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Düýnki söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 25 625 000,00 manada we 6 479 700,00 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.