Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalaşyklarynda geleşikleriň jemi 31-si hasaba alyndy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň nebit önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikleriň hem köpüsi bar.
Hususan-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň we Türkiýe Respublikasynyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri bolsa içerki bazar üçin jemi bahasy 48 million 506 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle-de nah ýüplügi, bugdaý ununy satyn aldylar.